Döwür, durmuş, taryhy çözgütler
Keremli pederleriň wesýet eden halk häkimiýetliligi. Her bir uly işde il-güne, halka sala salmak, il-ulus bilen bir jan bir ten bolup döwrüň sesine ses goşmak ata-baba dowam edip gelýän ýagşy dessurlaryň biri. Bu barada «Görogly» şadessanynyň «Göroglynyň döreýşi» şahasynda Ady beg ýogalansoň, onuň yzy nam-nyşansyz ýitdi diýip umytdan düşen Jygalybeg kiçijik Göroglynyň tapylanyna diýseň begenýär. Ol il-ulusa jar çekdirip, mal soýduryp, uly toý berýär we toýa gelen jemagata ýüzlenip:
— Aý, halaýyk, men yzymda at-abraýymy göterip, ornumy tutjak ogul Ady begden galar diýip umyt edýärdim. Ady begiň yzy binyşan gitdi diýip, näumyt bolup ýördüm. Bu gün Hudaýym maňa bu çagany Ady beg oglumdan nyşan berdi. Bu çaga türkmen ulus-iliniň gerçek goç ýigidi bolsun! Bu çaga il bolup ýagşy bir at goýuň! — diýýär.
Biziň eziz Diýarymyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda iň bir şanly wakalaryň birine öwrülen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde hem otuz ýyllyk döwür üçin taryhy çözgüdiň kabul edilmegi, milli Liderimiziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagynyň şanly senesi, ýurdumyzy mundan beýlägem ösdürmäge, dünýä derejesinde onuň at-abraýyny artdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri möçberli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly gyzykly çykyşlar diýseň şüweleňli diňlenildi hem-de olar ähli ýerde diýen ýaly uly seslenme döretdi.
Hormatly Prezidentimiziň öndürilýän ýokary hilli önümleriň hasabyna eksporta iberilýän harytlaryň sanyny, möçberini artdyrmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen çäreleri goldamak, milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagyny ösdürmek, kärhanalary sanly ulgama birikdirmegiň, «Bitewi penjire» elektron görnüşinde ilata dürli we düýpli döwlet hyzmatlarynynyň edilmegini çaltlandyrmagyň hem kämilleşdirmegiň, şonuň ýaly-da sanly ulgam üçin ýaş, zehinli hünärmenleri okatmagyň zerurlygy hakynda eden çykyşlary Halk Maslahatyna gatnaşyjylaryň giň goldawyna mynasyp boldy. Bu aýdylanlary goldamak bilen, welaýatlardan gelen we Aşgabat şäherinden bolan hormatly ýaşulularymyz, kümüş saçly enelerimiz hem öz çykyşlarynda bular barada giňişleýin durup geçdiler.
Şeýle hem ýaşulular, eneler hormatly Prezidentimiziň eden teklipleriniň ähmiýeti barada durup geçip, döwlet işlerine ýaşlary çekmegiň, olara ynanmagyň dogrulygy, milli Liderimiziň halypa-şägirtlik ýoly hakyndaky ýörelgesine laýyklykda işleri guramagyň wajyplygy barada öz çykyşlarynda beýan etdiler.