Çig mal binýady berkidilýär
21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň dowamynda paýtagtymyzy we ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de milli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly wajyp meselelere we möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna garaldy.
Iş maslahatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde gurluşygy alnyp barylýan desgalarda gurluşyk işleriniň gidişi hem-de şu ýylda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň gurluşygyna girişmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hormatly Prezidentimize hasabat berdi.
Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda, hem-de Garaşsyz Watanymyzda giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklary we ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň önümçilik zerurlyklaryny hem-de ilatymyzy ýokary hilli senagat önümleri, garamagyndaky edara-kärhanalary önümçilik üçin gerek bolan çig mal serişdeleri bilen üpjün etmek maksady bilen, sozulan we guýma alýumin çig malyny satyn almak üçin Täjigistan Respublikasi bilen ýokary derejede gazanylan ylalaşygyň çäklerinde ministrligiň garamagyndaky «Nebitmaş» döwlet kärhanasynyň önümçiliginde ulanmak üçin zerur bolan 10 müň tonna alýumin önümini bu döwletiň Senagat we täze tehnologiýalar ministrliginden satyn almak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz berlen hasabat bilen baglylykda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de milli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini belläp, gurluşyk işleriniň ýokary hilde alnyp barylmalydygy we olaryň öz möhletinde tamamlanyp ulanmaga berilmelidigi, gurluşyklary ähli zerur bolan önümler bilen üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmelidigi barada tabşyryk berdi.
Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeň ösdürilmeginiň senagat pudagynda döwrebap özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedigini nygtamak bilen, senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmekde çig mal serişdeleriniň, şol sanda alýumin önüminiň getirilmegi boýunça meseleleri hemmetaraplaýyn hem häzirki döwrüň ýagdaýyna laýyklykda, içgin öwrenilmelidigi hakynda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.