Gurluşyk we senagat toplumy – ösüşiň täze tapgyry
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň netijelerine bagyşlanan «Halk Maslahaty – demokratiýanyň milli nusgasy» atly maslahatlar şu günler ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda yzygiderli guralýar. Şeýle maslahatlaryň biri 2022-nji ýylyň 22-nji fewralynda Aşgabat şäher häkimliginiň binasynda Gurluşyk we senagat toplumynyň guramagynda geçirildi. Bu çärä toplumyň ýolbaşçy düzümi, ulgama degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, uly ruhubelentlik we buýsanç bilen geçirilen Halk Maslahatynda ösüşli-özgerişli eýýamyň täze tapgyry – geljek 30 ýyl üçin niýetlenen Maksatnamanyň ara alnyp maslahatlaşylmagy we tassyklanylmagy uly taryhy waka boldy. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýurdumyzy geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ileri tutulýan ugurlary, şol sanda halk hojalygynyň ähli ulgamlary bilen bilelikde Gurluşyk we senagat toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň, ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň anyk wezipeleri kesgitlenildi. Munuň özi Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň kuwwatyny barha artdyrmakda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, senagat we gurluşyk önümçiligi, himiýa we energetika hem-de gurluşyk pudaklaryny, ak mermere beslenen gözel paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, häzirki zaman döwrebap binalary we desgalary gurmak, önümçilige sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak ýaly meselelere aýratyn üns berýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw-hemaýat bermegi bilen ýurdumyzda iri senagat kärhanalarynyň gurulmagy, öňden bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi we olarda döwrebap innowasion enjamlaryň oturdylmagy netijesinde Aşgabat şäherinde hem welaýatlarda alnyp barylýan gurluşyklary, raýatalarymyzyň senagat we gurluşyk önümlerine bolan isleglerini ýeterlikli derejede üpjün etmäge, eksport hem import ugurly önümleri öndürmäge mümkinçilik döredildi.
Halk Maslahatynda kabul edilen çözgütler, wajyp resminamalar mähriban halkymyzyň bähbidine gönükdirilendir. Bu bolsa, bagtyýar raýatlarymyzda, şol sanda Gurluşyk we senagat toplumynyň agzybir işgärlerinde Arkadag Prezidentimize, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan buýsanjy has-da artdyrýar. Maslahatda çykyş edenleriň ählisi döwlet Baştutanymyzyň toplumyň pudaklarynyň öňünde goýan wajyp wezipelerini doly ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi täze taryhy eýýamyň özboluşly badalgasy boldy. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky bu möhüm taryhy waka ata-babalarymyzdan gelýän milli demokratik ýörelgelerimiziň dabaralanýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi diýlip, maslahatda aýratyn nygtaldy hem-de Watanymyzyň ähli ösüşleriniň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza alkyşlar aýdyldy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.