Halk maslahaty — il-ulusyň, döwletiň mizemez jebisligi
2021-nji ýylyň dowamynda alnyp barlan işler, Garaşsyzlygyň geçen otuz ýylynyň dowamynda gazanylanlar, geljek otuz ýyllyk döwür üçin kabul edilen taryhy çözgüt, ýaşlara ynam bildirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň çykyşlaryndan gelip çykýan meseleler şu ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahatyň dowamynda çykyş edenleriň esasy temasyna öwrüldi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen Maksatnamalary we onda gozgalýan döwletli, il-ulus bähbitli meseleleri adamlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen bilelikde guramagynda gecirilen «Halk Maslahaty — halk bilen döwletiň mizemez jebisligidir» atly maslahatynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilişi, döwlet gurluşynyň kesgitlenişi, Adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasy, adam hukuklarynyň, azatlyklarynyň üpjün edilişi we beýlekiler hakynda durup geçen Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Erkin Kösäýew, Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy Rahmandurdy Rahmanow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň bölüm müdiri Esger Annahanow, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni Merdan Nuryýew we beýlekiler hormatly Prezidentimiziň türkmenistanly ýaşulular, ýaşlar, alymlar we beýlekiler hakynda alyp barýan düýpli işleri barada gürrüň berdiler.
Bize her bir ugurda görelde bolýan hormatly Prezidentimiziň ýokary hilli önüm öndürmek, iň täze we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar hem-de nouhaular esasynda işleýän, ylmy taýdan çemeleşmegi köp talap edýän önümçilikleri döretmek boýunça işleri mundan beýlägem dowam etdirmek, şonuň ýaly-da suwdan aýawly peýdalanmak, daşky gurşawyň abadançylygyny gazanmak, ony goramak we sagdynlaşdyrmak, howanyň üýtgemegine, ählumumy maýyllaşma görä önümçilikleri guramak, çölleşmä garşy göreşmegiň ugurlary, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, çäkleri bagy-bossanlyga öwürmek boýunça öňde goýan wezipeleri amala aşyrmagyň ýollary hakynda, bu ugurda milli Liderimiziň durmuşa geçirýän işleri barada öz çykyşlarynda giňişleýin durup geçdiler.
Şeýle hem ýurdumyzda suw üpjünçiliginiň öňdebaryjy tejribesini özleşdirmek, azyk garaşsyzlygyny mundan beýlägem berkitmek, oba hem şäher ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, gurluşyk materiallarynyň öndürlişiniň derejesini, hilini, dünýäniň sanly ulgam giňişligine işjeň gatnaşmagymyzy mundan beýlägem gowulandyrmak bilen baglanyşykly düýpli işler durmuşa geçirilýär diýip, çykyş edenler bellediler we hormatly Prezidentimize öz hoşallyklaryny bildirdiler.