Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde laminat düşegini öndürýän önümhanany gurmak boýunça öň yglan eden açyk halkara bäsleşiginiň möhleti uzaldyldy

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan 2022-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda «Нейтральный Туркменистан» gazetinde Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde laminat düşegini öndürýän önümhanany gurmak barada öň yglan edilen açyk halkara bäsleşiginiň möhleti ýene-de 20 (ýigrimi) iş gününe çenli uzaldyldy.

 

         Bäsleşigiň beýleki şertleri üýtgewsiz galýar.

 

         Bäsleşige teklipler aşakdaky salgyda kabul edilýär:

Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 132-nji jaý, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirligi.

 

Görkezilen bäsleşigiň möhletiniň uzaldylandygy baradaky bildiriş «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň 2022-nji ýylyň 1-nji martyndaky №53 (30086) sanynda çap edildi.

 

Goşmaça maglumatlary almak üçin telefon belgileri: 39-00-17,    39-00-19, 39-00-21.