Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
28-nji fewralda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 11-nji fewralynda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdan daşary geçirilen mejlisiniň taryhy ähmiýetini we onda kabul edilen ýurdumyzy geljek 30 ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda beýan edilýän wezipeleri giňden ýaýbaňlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy: ynamly ýaşlar, belent maksatlar, batly gadamlar» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň mejlisler zalynda geçirilen bu dabaraly çärä görkezilen ministrlikde hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde we olaryň garamagyndaky edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar we beýleki işgärler hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Onda çykyş edenler ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaşlara döwletimizde uly orun berilýär. Muny Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde döwlet dolandyryşynyň täze döwründe ýaşlara ýol bermek, olary hemmetaraplaýyn goldamak barada aýdan sözleri hem aňryýany bilen subut edýär diýip nygtadylar.
Ýaşlar jemgyýetiň esasy daýanjy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz öz taryhy çykyşynda: «Ýaşlar biziň geljegimizdir» diýip belledi. Şol nukdaýnazardan ugur alnyp hem döwletimizde ýaşlaryň sowatly, ylymly, bilimli bolmagy üçin ähli şertler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar hakdaky alada ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýar. Şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, Garaşsyzlyk ýyllarynda täzeçe pikirlenýän, öz ugurlary boýunça dünýäniň oňat tejribelerinden habarly bolan ýaş nesiller kemala geldi. Häzirki döwürde türkmen ýaşlary ata Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça pajarlap ösüşine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar ýurdumyzyň we daşary döwletleriň abraýly ýokary, şeýle-de orta hünär okuw mekdeplerinde bilim almak bilen, döwlet tarapyndan özleri barada edilýän alada jogap edip, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda tutanýerli we netijeli zähmet çekýärler. Bu günki günde senagat taýdan ösen ýurda öwrülmäge tarap saýlanyp alnan ýolda öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan häzirki zaman önümçiliklerinde ýaşlaryň işlemegi, özüne ynanylan döwrebap tehnikalara we enjamlara ezberlik bilen erk etmegi diýseň buýsançlydyr.
Ýaşlaryň ýokary wezipelerde abraý bilen zähmet çekmekleri üçin hem ýurdumyzda hemmetaraplaýyn mümkinçilikler döredilýär. Bu babatda türkmen ýaşlaryna nusgalyk zähmet ýoluny geçen we baý durmuş tejribesini toplan milli Liderimiziň halypalyk sargytlary, şahsy göreldesi kämil ýol-ýörelgedir. Döwlet Baştutanymyz: «Ýaşlar biziň geljege bolan ähli umyt-arzuwlarymyzyň amala aşmagydyr. Ata Watanymyzyň buýsanjy hem-de üstünlikleridir. Türkmenistanlylaryň täze nesli täze ösüş ugrunyň hereketlendiriji güýjüne öwrülmelidir. Olar öz nesliniň jogapkärli we gujur-gaýratly, örän sowatly hem-de sagdyn wekilleri bolarlar» diýip belleýär.
Dabara gatnaşyjylar biz hem Gahryman Arkadagymyzyň ynanylan wezipäni abraý bilen ýerine ýetirip biljek ýaş ýolbaşçylara belent borjy — döwlet işlerini ynanmak, olara ýardam bermek baradaky başlangyjyna tüýs ýürekden buýsanýarys, guwanýarys we biragyzdan goldaýarys diýip uly buýsanç bilen bellediler.
Taryhy mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly öňe süren başlangyçlary esasynda, ýagny «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny», «Ýurdumyzy
2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny» we Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasyny tassyklamagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan has-da ýokary derejelere ýetmeginde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagynda aýratyn ähmiýete eýedir.
Häzirki wagtda alnyp barylýan işleriň ählisi ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir işiň, kabul edilýän maksatnamalaryňdyr resminamalaryň hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ajaýyp şygarynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagyna gönükdirilýändigini tassyklaýar.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar öz halkynyň eşretli günlerde ýaşamagy üçin asylly işleri durmuşa geçirýän, ýaşlara her bir işde görelde bolýan, Watany söýmegiň, ony mukaddeslik derejesinde sarpalamagyň belent nusgasyny görkezýän, ýaşlary ýaşaýşyň baýdagyna deňeýän Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, bütin dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň berkarar bolmagy ugrunda alyp barýan dünýä nusgalyk işleriniň uly rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.