Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky «Zarba» ýöriteleşdirilen döwlet kärhanasy üçin ýörite serişdeleri we kömekçi enjamlary satyn almak boýunça öň yglan eden açyk halkara bäsleşiginiň möhleti uzaldyldy
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan 2021-nji ýylyň 4-nji dekabrynda «Нейтральный Туркменистан» gazetinde ministrligiň «Zarba» ýöriteleşdirilen döwlet kärhanasy üçin ýörite serişdeleri we kömekçi enjamlary satyn almak barada öň yglan edilen açyk halkara bäsleşiginiň möhleti ýene-de 10 (on) iş gününe çenli uzaldyldy.
Bäsleşigiň beýleki şertleri üýtgewsiz galýar.
Bäsleşige teklipler aşakdaky salgyda kabul edilýär:
Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 132-nji jaý, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirligi.
Görkezilen bäsleşigiň möhletiniň uzaldylandygy baradaky bildiriş «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň 2022-nji ýylyň 4-njy martyndaky №57 (30090) sanynda çap edildi.
Goşmaça maglumatlary almak üçin telefon belgileri: 39-00-17, 39-00-19, 39-00-21.