Işler ileri, ýokary depgin
Halkyň arkadagly zamanasynyň 8-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň üç aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredilip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi hem-de bu döwürde amala aşyrylan işlere baha berildi. Geljek döwür üçin Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi. Onda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary öz gözegçilik edýän gurluşyk, senagat we energetika toplumlarynda, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, Aşgabat şäher häkimligi boýunça şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri hakynda hormatly Prezidentimize hasabat berdi.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde ýurdymyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary gerek bolan gurluşyk önümleri bilen doly üpjün etmek, önümleriň çykarylýan möçberini we görnüşlerini artdyrmak, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek hem-de daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek, şeýle-de daşary ýurtlara eksport edilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur bolan işler durmuşa geçirilýär.
2022-nji ýylyň ýanwar – mart aýlarynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça jemi öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 167,5 göterim ýerine ýetirildi.
Tutuş ministrlik boýunça şeýle uly zähmet üstünlikleriniň gazanylmagyna onuň garamagyndaky edara-kärhanalar mynasyp goşantlaryny goşdular. Hasabat döwründe ministrligiň sement zawodlary tarapyndan 618,5 müň tonna önüm öndürildi. Diýmek, meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 100 göterime, ösüş depgini hem 130,9 göterime deň boldy. Magdan däl gurluşyk materiallarynyň öndürilişi boýunça ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işler 2 493,9 müň kub metre barabar bolup, meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 103 göterime deň boldy. Gurnama demir-beton önümleriniň öndürilişi 72 320,3 kub metre deň bolup, meýilnamanyň öndürilişi 120,2 göterime, ösüş depgini hem 103,8 göterime barabar boldy. Degişli döwürde keramzitiň öndürilişi 28,793 müň kub metre barabar bolan bolsa, ýanwar-mart aýlarynda meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 105 göterime, ösüş depgini hem 100,3 göterime deň boldy. Bu döwürde sozulan metal önüminiň öndürilişi 15 113 tonna, düz aýnanyň öndürilişi hem 1 536,7 müň inedördül metre deň bolan bolsa, bular boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişi degişlilikde 100,8 hem 100,4 göterime, ösüş depgini hem 100,8 we 105,4 göterime barabar boldy.
Bu döwürde ministrligiň Büzmeýin etrap «Demirbetonönümleri» kärhanasynda 24 842 metr kub önüm öndürilip, meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 155,3 göterim bolan bolsa, ösüş depgini 165,3 göterime barabar boldy. Ýaşlyk keramzit zawodynda bu döwürde keramzitiň öndürilişi 15,231 müň kub metre deň bolan bolsa, meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 109,6 göterime, ösüş depgini hem 102,8 barabar boldy. «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde örtgi plitalaryň öndürilişi 7,63 müň inedördül metre, meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 110,6 göterime, ösüş hem 109,9 göterime deň boldy. Aşgabat şäherindäki «Demirbetonönümleri» kärhanasynda degişli döwürde 57 028,1 müň manatlyk önüm öndürilip, meýilnana boýunça işleriň ýerine ýetirilişi 142,6 göterime, ösüş depgini hem 144,5 göterime barabar boldy. Mary «Demirbetonönümleri» kärhanasynda ýanwar — mart aýlarynda 15 200,3 müň manatlyk ýerine ýetirilen bolsa, meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 126,7 göterime, ösüş depgini hem 148,1 göterime deň boldy. Türkmenabat şäher «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasynda önümiň öndürilişi we gurluşyk işleriň ýerine ýetirilişi 17 311,1 müň manatlyk, meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 111,7 göterime, ösüş depgini hem 111,4 göterime barabar boldy.