Döwür, durmuş, arassa ahlak
At almak, öý, mellek, goňşy edinmek, öýlenmek, dost tutunmak, ylym-bilim öwrenmek, söwda işleriňi ýola goýmak hakynda pelsepewi pikirleri bilen çawy dünýä ýaýran pederlerimiz her bir işiň düýbüni pähim-paýhas bilen tutmakda özlerini dünýä tanadypdyr. Bular barada taryhyň gatlarynda weşeň-weşeň maglumatlar bar. Şeýle hem pederlerimiziň meşhur atabeglik mekdebini geçen gerçekleriň her biri çapyp barýan ata münmegiň, bedewine erk etmegiň, köpläp daşyny gabanlarynda hem öz başyny çaramagyň, her bir kynçylykly ýagdaýdan baş alyp çykmagyň hötdesinden gelipdir. Türkmen atabeglik mekdebini geçen her bir ynsan diplomat, belli serkerde, wezir, hatda patyşa bolup, ýurdy dolandyrmagy hem başarypdyr. Atabeglik mekdebinde tälim alan Atailiň (Atillanyň), Mälik şanyň, Ärtogrul gazynyň, Osman gazynyň, hanlar hany Baýram hanyň, Nedir şa türkmeniň beýik serkerdeler hökmünde geçen ýollary barada kitaplar ýazyldy, çeper filmler surata düşürildi. Türkmen halkynyň edep-terbiýe mekdebi hakynda nesillere ýetirmek bolsa şu günüň bize bildirýän esasy talaplarynyň biridir.
2022-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň mejlisler zalynda geçirilen wagyz-nesihat çäresinde hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» döwründe Garaşsyz Türkmenistanyň paýtagtynyň ýaşaýjylarynyň, edara-kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny has-da güýçlendirmek, ilatyň arasynda ýol-ulag hadysalarynyň we beýleki hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, şonuň ýaly-da ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny ösdürmek, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgini terbiýelemek, edepli-ekramly, zyýanly endiklerden daşda durýan nesilleri ösdürip ýetişdirmek boýunça düýpli gürrüňler edildi, ýaşlara öwüt-nesihatlar berildi.
Bu çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasy Gurbanmyrat Ataýew, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Mekan Gurbanow öz çykyşlarynda köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek, tekepbirlikden, ýaramaz endiklerden daşda durmak, nesilleriň arasynda ahlak terbiýesini has-da gowulandyrmak, il arasynda adam bolup ýaşamak hakynda öwüt beren bolsa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Metbugat müdirliginiň bölüm müdiri Toýly Abdyllaýew, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň Hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nurjemal Baýramowa ynsan kämilligi, her bir işde seresaplylyk, kanunlara we kanunçylyk namalaryna akyl ýetirip, erbet endiklerden daşda durmak, ruhy päklik hakynda düýpli gürrüň etdiler.
Öz-özüňe erk etmegiň, barlyga akyl ýetirmegiň, şäheriň köçelerinde, jemgyýetçilik ýerlerinde, myhmançylyga barlanda özüňi alyp barmagyň, işlemegiň-dynç almagyň, halal gazanç etmegiň düzgünleri-şertleri barada Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň wekili Nurbike Amanowa, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň kazysy Röwşen Maksudow öz çykyşlarynda rowaýatlardan mysallar getirmek bilen gürrüň berdiler. Dogruçyllyk we ygtybarly adam bolmak, berk bedenli, gujurly ömür sürmek, sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek, goňşy-golam gatnaşyklary, şärikli hem şübheli durmuşdan gaça durmak hakynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bölüm müdiriniň orunbasary Didar Meredow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işjeň agzasy Begençmyrat Geldimyradow, Aşgabat şäheriniň 4-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany Ogulbibi Hojatowa wagyz-nesihat etdiler. Gyzykly we şüweleňli geçen wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda oňa gatnaşýanlar bilen içgin pikirler hem alşyldy.