Döwür, durmuş, jemgyýet, terbiýe...
2022-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň mejlisler zalynda geçirilen wagyz-nesihat çäresinde-maslahatynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» döwründe Garaşsyz Türkmenistanyň paýtagtynyň ýaşaýjylarynyň, edara-kärhanalarynyň işgärleriniň, ýurdumyzyň beýleki raýatlarynyň arasynda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, edepliligi, milliligi, öz halkymyza, eziz Diýarymyzyň içeri-daşary syýasatyna bolan buýsanjy ýokarlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny has-da güýçlendirmek, ýol-ulag hadysalarynyň we beýleki hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň, köpçülik ýerlerine barmak üçin özüňe timar bermegiň, geýinmegiň, özüňi alyp barmagyň düzgünleri, şonuň ýaly-da ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny ösdürmek, zähmete bolan söýgini terbiýelemek, zyýanly endiklerden daşda durýan nesilleri ösdürip ýetişdirmek boýunça öwüt-nesihat çäresi, maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň bilelikde guramagynda geçirilýän, pespällik bilen dünýä akyl ýetirmek, öý, mellek edinmek, dost tutunmak, sowatlylyk, bilim almak, ylym öwrenmek, öz halkyňy dünýä tanatmak, özüňe ýeňişleri ýar edinmek arkaly dünýä çykmak, dürli çempionatlarda ýeňiş gazanmak bilen diňe özüňi däl, eýsem halkyňy hem tanatmak, bir söz bilen aýdanyňda şahsyýet bolup ýaşamak hakynda çäräniň dowamynda çykyş edenler pelsepewi hem dowamly gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasy Muhammetnazar Geldiýew, ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Serdar Durdyýew çykyş edip, olar öz çykyşlarynda döwlet möçberinde iň gymmatly baýlyk hökmünde arzylanylýan adam baradaky aladalar, ýurduň raýatlarynyň durmuşyny özgertmek hakynda alnyp barylýan işler, mundan beýläk hem geljek 30 ýylyň dowamynda ýurdumyzy ösdürmegiň Milli maksatnamasy, döwlet derejesinde durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan esasy wezipeler we olary ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çykyşlarda işleri talaba laýyk alyp barmak we kämilleşdirmek, dürli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, işgärleri ýerli-ýerinde dogry goýmak, eziz Diýarymyzyň ministrliklerini ýokary derejeli, döwrebap hünärmenler bilen üpjün etmek, her bir ugurda halypa-şägirtlik ýolunyň guralyşy, hünärini aňrybaş derejede bilýän, ýerine ýetirýän nesilleri orta çykarmak hakynda aýratyn nygtalyp geçildi.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekili Rüstem Salamatow, ýurdumyzyň Baş prokuraturasynyň wekili Nurjemal Baýramowa, şeýle hem eziz Diýarymyzyň Ýokary kazyýetiniň wekili Rejepdurdy Mämmetmyradow edara-kärhanalarda işleri guramagyň hukuk meseleleri, degişli kanunçylyk namalarynyň talaplary, ilbähbitli, jemgyýet üçin ähmiýetli işleri geçirmekde, guramakda Türkmenistanyň kanunçylyk namalary, ilaty durmuş taýdan goramagyň düzgünleri, ministrlikleriň wekilleriniň zähmet gatnaşyklary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýerlerdäki guramalary bilen işleşmegiň meseleleri, ýerlerde bar bolan iş orunlary hem-de ministrlikleriň resmi internet saýtyndaky «Türkmenistanyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligi» atly sahypanyň hyzmatyndan peýdalanmagyň mümkinçilikleri barada giňişleýin düşündiriş işlerini geçdiler.
Bu çäräniň dowamynda ony alyp baryjy Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Gülnar Akjigitowa, ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekili Şatlyk Sylabow, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy Oguljeren Kazakowa «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Ýurdumyzy 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy», «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi, «Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy» hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.