Senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň täze ugurlary ugrunda

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasy strategiýada dünýäniň ähli döwletleri hem-de abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, öňden gelýän hyzmatdaşlyklary has-da ösdürmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Golaýda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasyna bolan saparynyň dowamynda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri bilen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýum we daşary söwda ministriniň arasynda bolan duşuşykda iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygynyň görkezijileriniň ep-esli artandygy barada bellenilip,  taraplar bu ugurdan hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek üçin bilelikdäki tagallalary güýçlendirmek hakynda özara ylalaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň görkezijilerinde düýpli ösüşleriň bardygy, ony mundan beýlägem ösdürmek hakynda bilelikdäki tagallalary güýçlendirmek babatda özara pikir alyşdylar. Soňky dört ýylyň dowamynda türkmen-özbek söwda gatnaşyklarynyň möçberiniň 5 esse artyp, 2021-nji ýylda özara söwda aragatnaşyklarynyň ösüşiniň öňki ýyla garanyňda 65 göterim ýokarlanandygy bellenildi. Şu ýerde şeýle hem 2021-nji ýylyň sentýabrynda iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň geçiren ýokary derejeli duşuşyklary netijesinde gol çekilen söwda şertnamalarynyň häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýändigi hakynda hem bellemelidiris.

Bu duşuşygyň dowamynda senagat hyzmatdaşlygynyň örüsini giňeltmek we iki ýurduň sebitlerinde ýerleşýän önümçilik desgalaryna degişli gatnaşyklary ösdürmek boýunça hem işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Özbegistanyň ykdysadyýetde gazananlaryny bäsdeşlik esasynda has-da ösdürmek artykmaçlyklaryndan ugur alnyp, täze, geljegi uly ugurlarda, şol sanda senagat ulgamynda hem hyzmatdaşlygy giňeltmek barada teklipleriň üstünde  durlup geçildi.

Şeýle-de sebitara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň ugurlary hakynda maslahatyň dowamynda bellenip, önümçilik koorporasiýasy baradaky gatnaşyklary, söwda şertnamalarynyň täze taslamalaryny ösdürmegiň ýollary, iki döwletiň sebit edaralarynyň işini utgaşdyrmagy güýçlendirmegiň ugurlary hakynda taraplar özara ylalaşdylar. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň ministrlikleriniň wekilleriniň özara tejribe alyşmagyny ýola goýmagyň ugurlary hakynda özara pikir alyşdylar. 

Sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mehanizmine seretmegiň çäginde taraplar täze senagat hyzmatdaşlygynyň taslamalaryny giňeltmegiň we söwda şertnamalarynyň çäginde ony ösdürmegiň üstünde durup geçip, iki döwletiň sebitleriniň edaralarynyň utgaşdyrylmagyny güýçlendirmek hakynda hem ylalaşdylar.