Manyly ömrüň mertebesi...
«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen şygar astynda geçýän şu şanly ýylda hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Birdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy bagtyýar halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmaýan gymmatly serpaý boldy.
Hawa, ömür ýollarynda ýagşylyklary özüne ýaran edinenler dünýäniň ýagşy tarapyny görýär, öwrenýär, ile paýlaýar, pikirlerini, gelen netijelerini deň-duşlary, galamdaşlary bilen paýlaşýar. Şoňa görä hem ömür menzillerini kesgitleýär. Dogrusy, uly dünýäniň ýollarynda her kimiň ädim urşuna, dünýä akyl ýetirişine, jemgyýet barada pikirlenişine, halkyň, ýurduň ösüşine öz goşandyny goşuşyna, baryny berşine, ynanyşyna, özüni alyp barşyna... görä hem oňa baha berilýär. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda bu barada: «Kähalatlarda şular dogrusynda, durmuş pelsepesi hakynda, ynam, ynanç, mukaddes ýörelgeler, olaryň durmuşymyzdaky orny, nesillerimiziň bagtyýar ýaşamaklary üçin indiki etmeli işler barada oýlara berleniňi duýman galýarsyň. Durmuş tejribäň artdygyça-da bulara has içgin aralaşýarsyň. Men özümiň bu zatlara garaýyşlarymy kagyza geçirip, ildeşlerim bilen paýlaşmagy ozaldan göwnümde besleýärdim. Allatagalanyň eradasy bilen, köp ýyllaryň dowamynda eden belliklerimi, toplan maglumatlarymy seljerip, bir kitaba ýerleşdirip, ine, şu günlerde ony okyjylaryma peşgeş bermegi makul bildim» diýip belleýär. Dogrusy, durşuna filosofiki pikirlere, dünýä, durmuş baradaky oýlanmalara, ynsan ömrüniň manysy, türkmen nakyllarynyň ýerli-ýerinde ulanylyşy, türkmen topragynda bitýän ot-çöpler hakyndaky pikirlere beslenen, dünýä akyl ýetirmek baradaky pelsepewi durmuş hakyndaky jümleleri bilen seni dünýä aýlaýan bu kitabyň gadyr-gymmatyna näçe okadygyňça, şonça-da düýpli-çuňňur göz ýetirmek bolýar diýip, şu günler ähli ýerde diýen ýaly geçirilýän Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitaby barada tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edýänler belleýärler.
Ynsan ömrüniň manysy hakynda çuňňur oýlanmalardan, pikir ýöretmelerden, dürli sowallara jogap tapmalardan ybarat dürler hazynasynda «Ýaşaýyş medeniýeti», «Ynanç hakynda söz», «Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelge», «Gadymyýete nazar», «Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat», «Milletiň ruhy-ahlak mekdebi» bölümlerinde adamyň mertebesi, ruhy-ahlak ýagdaýy, dünýä halklary, olaryň açyşlary, türkmençilik, dini kitaplar, olaryň sürelerinde, aýatlarynda beýan etmeler hakynda filosofiki açyşlar öz beýanyny tapýar we biz olary okanymyzda durmuşyň belentli-pesli, daşgynly-gaýtgynly ýollarynda özümizde dörän sowallaryň köpüsine jogap tapýarys. Şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň geljek 30 ýylynyň dowamynda amala aşyrylmaly belent maksatlara üstünlikli ýetmegiň ýollary birin-birin açylýar.
Özboluşly nusgalyk durmuş mekdebi bolan bu kitapda türkmen nakyllarynyň, atalar sözleriniň ýerli-ýerinde ulanylyşy, söz sungatynyň dürler hazynasydygy, taryhyň çuňluklaryndan gözbaş alýan türkmen ekerançylyk medeniýeti, pagtadan edilen taýýar önümlerimiziň eksporta iberilişi, türkmen topragynda bitýän dermanlyk ot-çöpler, «Tagty-Süleýmana deňelýän» türkmen bedewi, ýaşynmak dessurynyň döreýşi, ýaşamak, döretmek mümkinçilikleri dogrusynda düýpli, tymsallar arkaly ynandyryjy gürrüňler berilýär.
Mähriban Arkadagymyzyň bu kitabynda akyl-paýhas, erk-ygtyýar, ynanç-ygtykat, ybadat, ruhy-ahlak, ylahyýet, edim-gylym, gözýetim, Ynsan balasynyň bagtyýarlyga, rahatlyga gowuşmagy, dürli apatlardan halas bolmagynyň ýollary birin-birin öz beýanyny tapyp, ýüreklere ýol salýar.
Halkymyzyň buýsanara zada köp. Şuny nygtamak bilen, milli Liderimiziň jemleýji sözünde okyjylar bilen paýlaşmak islän köp sanly parasatly öwat-ündewlerini we taglymatlaryny «Ömrüniň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynda beýan etjekdigini belleýär.
Durmuşyň nusgalyk mekdebi bolup durýan dürler hazynasynyň ýazary Gahryman Arkadagymyza mundan beýlägem ýagşylyklaryň ýaran, belent başynyň aman, döwet galamynyň hem ýiti bolmagyny arzuw edýäris.