Mertebeli ömür, hormat-sarpaly durmuş, dünýä akyl ýetirmegiň ýol-ýörelgeleri
Danalar aýtmyşlaýyn «Ömür — öý, dünýä — penjire». Her kimiň öz öýi, penjiresi bar. Ömür atly öýden daşary-dünýä welin, her kim birhili seredýär. Ondan seredip, her kimiň dünýäni görşünde-de, oňa akyl ýetirişinde-de tapawut bar. Men kitap barada köňül kelamyny zybana getirmezden öň ony okap çykdym. Soňra ýene bir gezek, soňra ýene... Iň soňunda-da özümiň heniz hiç zat bilmeýändigime, bir zatlar bilmek, dünýä akyl ýetirmek üçin heniz okabermelidigime göz ýetirdim. Emma şeýle-de bolsa, «Ömrümiň manysy» atly dürler hazynasy hakynda käbir zatlary aýtmagy, kitap baradaky pikirlerimi ony elden-ele geçirip okaýanlar, depesine täç edinýänler bilen paýlaşmagy raýatlyk borjum hasap etdim.
Bütin ömrüne ýagşylyklary ýaran edinýän, gowulyklara gatançly bolýan, şonuň üçin hemmäni özi ýaly, päk-arassa ahlakly, ynsanperwer adamlardyr hasap edýän ildeşlerimiziň «Niýetiň ýoldaşyň bolsun!» diýäýmesem bar. Çünki hemmelere ýagşylyklary, toý-baýramlary arzuw edýän adamlaryň göwnünde-de kir-kimir bolmaýar. Olar durmuşyny ýagşylyklar dünýäsinde dolandyrýar. Şeýle bolansoň, oňa «Niýetiň ýoldaşyň bolsun!» diýilmegi «Ömrüň uzak bolsun, ogul-gyzyňa, agtyklaryňa, çar tarapyňdaky ýakynlaryň bilen, il bolup toý etmek nesip etsin diýildigi bolýar». Çünki her kim özüne görä osýar, öz dünýäsindäki pikir öwrümlerine laýyklykda beýleki adamlar hakynda pikir ýöredýär. Bular barada mähriban Arkadaymyz öz dürler hazynasynda: «Halkymyz hemişe ýagşylyga ýaran bolup gelendir, her ýerde, her ýagdaýda ýagşylygy ündändir. Şunuň bilen baglanyşykly, meniň çuňňur ynanjyma görä, her bir adam öz geçen ýoly, şu güni, geljegi barada çynlakaý we düýpli oýlanmalydyr. Men şunça ýoly nädip geçdim? Nämeleri bitirdim? Şu gün nähili bolmaly, nämeleri etmeli? Galan ömrümi nähili ýaşamaly? Ine, şeýle soraglary, kärine we derejesine seretmezden, her bir ynsan öz-özüne bermelidir. Men bu ýagdaýa ynsançylyk borjy diýip düşünýärin. Aslynda, meniň pikirimçe, hakyky ynsan boljak bolsaň, mydama öz-özüňden hasabat sorap ýaşamaly. Bu ýagdaý her ynsanyň öz-özüni açmagy, özüniň nädogry hem dogry ädimlerine, agyn hem üstün taraplaryna düşünmegi, eden hem edip ýetişmedik işlerini seljermegi, ýalňyşmazlygy, geljegini kämil kesgitlemegi, dogry ýoldan gitmegi halkymyzyň yslam medeniýetiniň iň gowy däplerine goýan aýratyn hormaty bilen, beýleki bir tarapdan, ol däpleriň çuňňur kökleriniň yslamdan has ozalky müňýyllyklardan gaýdýanlygy bilen düşündirip bolar» diýip belleýär.
Hünär ynsan ykbalyna öz täsirini ýetirýän gymmatlyk. Diýmek, hünär adam ykbalyna täsirini ýetirýär, ykballar hem birleşip, halkyň, jemgyýetiň ykbalyny emele getirýär. Halkyň, jemgyýetiň ykbaly hem döwletiň, ýurduň täleýini-ykbalyny kesgitleýär. Şu ýerde bu ykballarymyzyň türkmençilige öz täsirini ýetirýändigi, türkmeniň ruhundan gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, urp-adatlary emele getirmek arkaly ynam-ygtykatlarymyzyň berkligini hem üpjün edýändigi hakynda bellemelidiris. Gahryman Arkadagymyzyň bu zatlary ýazmak, bize ýetirmek arkaly öňi bilen nesil terbiýesi, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, dil öwrenmegi, häzirki zaman talaplaryna laýyk hereket etmegi, dünýä çykmagy, türkmen halkynyň wekili hökmünde dünýäni açmagy, dünýä üçin hem türkmeniň häzirki zaman durmuşyny açyp görkezmegi hakynda alada edýändigi barada bellemelidiris. Munuň şeýledigi hakynda öz dürler hazynasynda: «ÝUNISEF-iň ýolbaşçysy Kerimiň gürrüňini ünsli diňläp, häzirki wagtda Türkmenistanda nesilleriň sazlaşykly ösüşi, şunlukda, çagalaryň irki ösüşi, ýaşlaryň dünýä ylmyna aralaşmagy, daşary ýurt dillerini öwrenmegi üçin uly aladalaryň edilýändigine ýene bir gezek göz ýetirendigini nygtady» diýip bellemek bilen, agtygy Kerime bolan garaýyşlary arkaly düýpli gürrüňler edýär.
Akyl-paýhas, erk-ygtyýar, ynanç-ygtykat, ybadat, ruhy-ahlak, ylahyýet, edim-gylym, gözýetim, Ynsan balasynyň bagtyýarlyga, rahatlyga gowuşmagy, dürli apatlardan halas bolmagyň ýollary «Lebiz, ygrar, köňül tämizligi» atly bölümde öz beýanyny tapýar. Zebur, Töwrat, Bibliýa, mukaddes Gurhan, Çarl Darwiniň biologik ewolýusiýasy, «Ýaradylyşyň kanuny», Alla tarapyn pygamberlere iberilen wahyýlar, «Ahlak hem durmuş gözelligi», adamzady zaýalanmakdan, çüýremekden, ýok bolmakdan goraýan din baradaky düşünjelere jogaby okyjylar «Ynanç hakynda söz» atly bölümden tapyp bilerler.
Türkmençilikde «Özüni bilen weli» diýilýär. Elbetde, özüňi bilmek, tanamak üçin öňi bilen ata-balaryň, gelip çykyşyň barada ähli zatlary bilmeli. Jeýtun, Altyndepe medeniýetleri, Baktriýa, Margiana, Parfiýa, Horezm döwletleri, Amul, Zemm, Dehistan ýaly taryhy çeşmeleriňden habar berýän galalar, «Oguznamalar», «Görogly», göktürkmenleriň guran gadymy Gun imperiýasy, kynyk türkmenleriniň döreden Seljuk, kaýy türkmenleriniň dünýä beren Osman şadöwletleri barada kän zatlary öwrenmeli. Edermen eždatlarymyzyň iň irki ýazuw ýadygärlikleri, Bisütün, Oguz-Orhan ýazgylaryndan habarly bolmaly. Bular barada Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» kitabynyň «Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelge» bölüminde giňişleýin düşünjeler berilýär. Dünýä akyl ýetirmek, özüňi tanamak, Şeýdaýynyň «Türkmeniň ahwaly» eserinde belleýşi ýaly, «Kyrk şäherden hyraç alan» oguzlara, ynsanlyk-raýatlyk hukugyňa düşünmek isleseň, hökmany suratda mähriban Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitaby bilen dostlaşmalydyr.