Gaýratly zähmet, ýokary netijeler
Şu ýylyň 6-njy maýynda Arkadagly Serdarymyz sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredilip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hasabatlary diňlenildi we bu döwürde amala aşyrylan işlere baha berildi, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi. Onda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary öz gözegçilik edýän gurluşyk-senagat we energetika toplumynda, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde, paýtagtymyzyň häkimliginde şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri hakynda hormatly Prezidentimize hasabat berdi. Bu döwürde gurluşyk-senagat toplumynda önümleri öndürmek we işleri ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 151,4 göterim ýerine ýetirildi. Şol sanda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önümleri öndürmegiň hem-de işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasyna 170 göterim hötde gelindi.
Şeýle hem 9-njy maýda geçirilen pudaklaýyn maslahatda 2022-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň edara-kärhanalarynda ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary gerek bolan gurluşyk önümleri bilen üpjün etmek, önümleriň çykarylýan möçberini we görnüşlerini artdyrmak, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek hem-de daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek, şeýle-de daşary ýurtlara eksport edilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak boýunça ähli zerur bolan işleriň durmuşa geçirilýändigi hakynda hasabat berildi.
Hasabat döwründe Bäherden sement zawodynda 285,6 müň tonna önüm öndürilip, meýilnama 102,1 göterim, ösüş depgini 115,3 göterim ýerine ýetirildi. Dört aýyň dowamynda Büzmeýin etrabyndaky «Demirbetonönümleri» kärhanasynda 31675 metr kub gurnama demirbeton öndürilip, meýilnama hem 154,1 göterim ýerine ýetirildi we 154,1 göterim ösüş depgini gazanyldy. Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawodynda 10837 metr kub gurnama demirbeton öndürilip, ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 102,2 göterime, ösüş depgini hem 102,2 göterime barabar boldy. «Polimer önümleri» zawodynda turbalaryň öndürilişi 717,4 tonna bolup, iş meýilnamasy 143,5 göterim ýerine ýetirildi we 149,4 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Bu döwürde Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda 74943,6 müň manatlyk önüm öndürilip, meýilnama 136,3 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem 131,5 göterim ösüş depgini gazanyldy. Degişli döwürde Büzmeýin etrabyndaky «Demirbetonönümleri» kärhanasynda 88679,0 müň manatlyk önüm öndürilip, meýilnamanyň 127 göterim ýerine ýetirildi we 187,8 göterim ösüş depgini gazanyldy. Ýanwar-aprel aýlarynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda 108769,8 müň manatlyk önüm öndürilip, meýilnama 108,8 göterim ýerine ýetirildi we 186,8 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň agzybir işgärleriniň mundan beýläk hem hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerini we kabul eden maksatnamalaryny ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny has-da ösdürmek ugrunda yhlasly zähmet çekip, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzyň baş baýramyny – Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk şanly toýuny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylajakdyklaryna ynanýarys we olara rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris.